TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: TÜRKMENISTANYŇ HALKARA JEMGYÝETÇILIGI BILEN HYZMATDAŞLYGY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň w...
TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna daýanmak bilen, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini bellediler. Diplomatlar halkara guramalarynyň, şol sanda...
TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA KÖPTARAPLY GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary we iň ý...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝB-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERINE GARALDY
2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda...
«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ŽURNALYNYŇ 2024-NJI ÝYLDAKY JEMLEÝJI SANY OKYJYLARA ÝETIRILDI
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky soňky sany okyjylara ýetirildi. Täsirli çykyşlar täze sany şanly ýylyň mynasyp jemlemesine öwürdi. Iki ýaşyny dolduran, iki ýylda 24 gezek okyjylar köpçüligi bilen duşuşan neşiriň täze sany «Hakyda göwheri» ― Arkadagly ýaşlaryň watançylyk mekdebi» atly makala bilen açylýar. Makala Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyna mynasyp seslenm...
TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2025 – 2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY KABUL EDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistan adam söwdasyna iň ýiti we wajyp ählumumy meseleleriň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek we adam hukuklaryny goramak hem-de ilerletmek boýunça halkara tagallalaryna täsirli goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarly. Türkmenistanda adam söwdasyna garşy...
HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler. Şunlukda, Türkm...