TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ BAŞ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNY KABUL ETDI
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyz...
SAUD ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ BAŞ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeş...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýrat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHB...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berd...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ITALÝAN DILINDE NEŞIR EDILEN GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyryş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE 2025-NJI ÝYLDA DIPLOMATIK GULLUGYŇ ESASY WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň...