TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
GÖRNÜKLI ŞAHYR WE AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILIŞI BARADAKY MAKALA UKRAINANYŇ MEŞHUR ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA
2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Ukrainanyň meşhur “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň milli şahyry, dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen nusgawy edebiýatyny we edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy: görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyl dönümi” ady bilen giň göwrümli makala çap edildi. Makala Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy. “Kyiv Diplomatic” žu...
ÇEHIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklar...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýaziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ministr Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlamagy bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi hem-de geljekde üstünlikli, netijeli işleri arzuw etdi. Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
TÜRKMEN-KATAR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...
BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI KIÝEWDE TALYPLAR BILEN GEÇIRILEN WELOSIPED ÝÖRIŞI BARADA
03.06.2024 ý. senede Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde welosiped ýörişi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy, Ukrainanyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän Baş müdirlik” döwlet kärhanasynyň goldawy bilen, ekologiýa dynç alyş ýerleri bilen meşhur bolan Ukrainanyň paýtagtydaky Truhanow adasynyň çäginde türkmen talyp ýaşlaryny ýygnady. Talyplar we diplomatlar adanyň dürli landşaftlarynd...
ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata...