Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTAN BILEN GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleri...
TÜRKMEN-GAZAK HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI ZAMAN MESELELERI TELEFON ARKALY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biri ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝADRO SYNAGLARYNY ÄHLUMUMY GADAGAN ETMEK BARADA ŞERTNAMASY GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Iri halkara guramany...
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetine ünsi çekdiler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugurda hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE TEBIGY SERIŞDELER MINISTRINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNA SAPARY
2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Manila şäherinde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa...
TÜRKMENISTAN WE FILIPPINLER RESPUBLIKASY SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy.
Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANASYNA GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÜRLI DILLERDÄKI ESERLER ÝYGYNDYLARYNY GOWŞURDY
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler dowam etdirilýär.
Şü gün, 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň direktory Ýelena Zubar we kitaphananyň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaki Ilçihanasy eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň adyny göterýän Kiýew şäherin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bile...