Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “WOZROŽDENIÝE” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Myhman bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady.
Igor Bukato Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmeleriň ýokary derejesini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşly...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «СLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň (GFR) başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk geçirdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy ar...
BÜTINDÜNÝÄ ETNOSPORT KONFEDERASIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen duşuşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, ony Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we şanly sene mynasybetli guralýan dabara...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÖŇDEBARYJY DÜNÝÄ KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşdy. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdiler we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we Türkmenistanyň ähli halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutladylar.
Şol gün «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaş...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «СLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň (GFR) başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk geçirdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy ar...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ABŞ-NYŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE SAPARY BAŞLANDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Iwanowiç Woronkow bilen duşuşyg...
ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri, Ýan Borguň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistany...
TÜRKMEN-ÇEH GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...
TÜRKMENISTANYŇ WE SERBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge ýurtlaryň özara ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Taraplar söw...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini bellediler we özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady bileleşme, sanlyl...