Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖZBEK DILINDÄKI GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistan DIM-niň, ylmy intellegensiýadan ybarat bolan Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde M...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞHG-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi...
YSLAMABAT ŞÄHERINDE DAŞARY IŞLER MINISTRI R.MEREDOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ug...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky13-nji mejlisi geçirildi.
Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary T.Atahallyýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda Dushanbede geçirilen hökümetara top...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GYRGYZ DILINE TERJIME EDILEN GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Gyrgyz Respublikasyn...
ÝEWRAZIÝA PATENT GURAMASYNYŇ ÝEWRAZIÝA PATENT EDARASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti Grigoriý Iwliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Senagat nusgalaryny goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşandygy we sapar bilen gelendigi üçin G.Iwliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝPG...
MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULARY POLÝAK DILINDE: NIKOLAÝ WASKIWIŇ MAKALASY «TÜRKMENISTAN» GAZETINDE
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasyna esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bolup durýan "Türkmenistan" gazetiniň nusgalary gelip gowşudy. Bu gazetiň 14.09.2024ý. senedeki 234 belgili sanynda Ýewropada, Aziýada we dünýäniň beýleki künjeklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terjimelerine, gözleglerine we ýaýbaňlandyrmaga bagyşlanan makala çap edildi. Makalanyň awtory Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş y...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/138514TÜRKMENISTANYŇ «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA» ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLANAN PROFESSOR NIKOLAÝ WASKIW BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri professor Nikolaý Waskiw bilen duşuşyk geçirildi.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ ŞÄHERI SOSIAL-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA YLMY-BARLAG INSTITUTYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ilçi T.Ataýewiň “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasynyň direktory Sergeý Pawlowskiý bilen duşuşygy geçirildi. “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasy Kiýew şäheriniň Geňeşiniň we Kiýew şäheriniň döwlet administrasiýasynyň düzüminde esasy ylmy-barlag edara bolup, ol Ukrainanyň paýtagtyny sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ykdysady, informatika we sosiolog...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/138635