Tapylan netije sany: 8960
ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlary birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler
Daşkentde “Ýewropa Bileleşigi (ÝB)— Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumy tamamlandy. Forum sebitler arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirlendir. Forumyň netijeleri boýunça taraplar Aral sebitinde çig mal taýdan möhüm we ýerleriň zaýalanan böleklerini dikeltmek bilen bagly birnäçe taslamalara gol çekdiler.
Aýratyn-da, forumyň çäginde birnäçe esasy başlangyçlar kabul edildi:
- DATA4CRM — möhüm çig mal baradaky maglumatlara elýeterlili...
TÜRKMENISTANYŇ WE SOMALINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞ BOLDULAR
03.12.2025 ý. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali bilen telefon arkaly söhbetdeşlik bolup, iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşdigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/155545SERDAR BERDIMUHAMEDOW ON BIR AÝYŇ JEMLERI BOÝUNÇA DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINI GEÇIRDI
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ SIWILIZASIÝALARYŇ BILELEŞIGINIŇ ÝOKARY WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetara we dinara dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi...
ÝEWROPA BILELEŞIGI TÜRKMENISTANYŇ BITARAP DAŞARY SYÝASATYNYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň anna güni Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşykda ÝB-niň Ýokary wekili Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitarap...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA” ATLY ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň tamamlanmagynda “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi.
Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk...
AŞGABAT ÝUNESKO-NYŇ ÖWRENIJI ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ TORUNYŇ AGZASY BOLDY
Aşgabat şäher Häkimliginde Türkmenistanyň Paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäheri resmi taýdan bu tora goşulyp, ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini görkezýär.
Çäre gatnaşyjylar Aşgabadyň bu tora goşulmagy paýtag...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARALARY
07.12.2025 ý. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde...
AWAZADA ZENANLARYŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY BARADA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahatda halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatlary ilerletmek boýunça başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat...
AŞGABATDA DURKY TÄZELENEN BITARAPLYK BINASY AÇYLDY
Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Täze binanyň açylyşy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň möhüm bölegi boldy.
Dabara “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýet ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlik...