TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARALARY
07.12.2025 ý. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berilmegi şanly senäniň hormatyna guralýan dürli derejeli çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
“Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralary bilen eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň saglygy, çaga lukmançylygy, bilimi, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda 30-a golaý resminama gol çekildi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.