TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DÖWLET SÖWDA-YKDYSADY UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN GEÇIRLEN DUŞUŞYGY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler.

Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýewiň uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi bilen, şeýle hem Halkara Söwda palatasynyň Ukraina milli komitetiniň (ICC Ukraina) wise-prezidentiniň gatnaşmagynda geçirlen duşuşygyň dowamynda taraplar ylym, bilim we ynsanperwer ugurlar boýunça hünär tejribelerini alyşmak maksady bilen Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda gönümel aragatnaşygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rektor Anatoliý Mazaraki uniwersitetiň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri barada durup geçdi we dünýäniň 13 sany ýurdundan gelen daşary ýurt raýatlarynyň uniwersitetde bilim alýandyklary, öwreniş we döredijilik taýdan ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýtdy. Şeýle hem, rektor uniwersitetiň Türkmenistandan dalaşgärleriň arasynda ökde hünärmenleri taýýarlamaga ýokary derejede gyzyklanmanyň bardygyny we taýýardygyny mälim etdi.

Ilçi T.Ataýew duşuşyk üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi we uniwersitetde bilim berilýän hünärlere biziň ýurdumyzda hem islegiň bardygyny habar berdi.

Duşuşyk tamamlananyndan soň, türkmen diplomatlary üçin uniwersitetiň binalary we okuw jaýynyň maddy-tehniki binýady bilen tanyşlyk gezelenji guraldy.