TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň «TIF-2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemegi, ýaşyl tehnologiýalar, hususy telekeçiligi ösdürmek we Türkmenistanda iňlis dilini öwretmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.