“TÜRKMENISTAN: ALTYN ASYR” GAZETI OKYJYLARY MEŞHUR UKRAIN AKYLDARY GRIGORIÝ SKOWORODANYŇ TERJIMEHALY BILEN TANYŞDYRÝAR
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde ýubileý ýylynda dabaraly ýagdaýda açylan “Magtymguly Piragy” medeni we seýilgäh toplumynyň çäginde oturdylan daşary ýurt görnükli şahsyýetleriniň ýadygärlikleri barada birnäçe makalalary ýerleşdirýär.
Şeýle malakalaryň nobatdakysy bolsa Ukrainanyň görnükli akyldary we magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň şahsyýetine bagyşlanan.
Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni we seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähinde ukrain akyldarynyň ýadygärligiň otyrdylmagy, bu ikisiniň dostlukly ýurtlaryň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginiň nyşanydyr.
Türkmen dilinde ýerleşdirilen makala okyjylary XVIII asyryň – aň-bilim eýýamynyň görnükli akyldarlarynyň biri bolan, görnükli ukrain akyldary, filosofy, dini taglymatçysy, şahyry, pedagogy, sazçysy, adamlara ahlak ideallaryny görkezen we öz-özüňi aňlamak arkaly hakykata düşünmäge kömek eden Grigoriý Sawwiç Skoworoda bilen tanyşdyrýar. Halk köpçüligi ony “ukrain Sokraty” diýip atlandyrypdyr.
G.S.Skoworoda 1722-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Poltawa oblastynyň Çornuhi obasynda mülkli kazak maşgalasynda dünýä inipdir. Çagalygyndan içki dünýäsinde jemlenmek meýli, ruhy berkligi we ylym-bilime bolan uly höwesi bilen tapawutlanypdyr. Ol adamyň içki dünýäsine ünsi jemlenen, dogruçyllyga we söýgä, ýagşylyga esaslanyp ýaşamaga uýýan hristian ahlak kadalaryna eýerýän adaty ukrain maşgalasynda oba ýaşaýjylarynyň arasynda ulalypdyr. Hrigoriniň terbiýesinde maşgala we öz obasyndaky mekdebi möhüm orun eýeläpdir.
Ol 1734 - 1753-nji ýyllar aralygynda Kiýew-Mogilýan akademiýasynda ynsanperwer ylymlar ugry boýunça bilim alypdyr, ýöne okuwyny doly tamamlamandyr. 1742 - 1744-nji ýyllarda hor aýdymçysy bolup, şol döwür üçin iň ajaýyp aýdym-saz bilimini alypdyr. 1744-nji ýylda Kiýewe gaýdyp gelip, Kiýew-Mogilýan akademiýasynda filosofiýa boýunça okuw dersini dowam etdiripdir. 1745-nji ýylda bolsa ol Wengriýa gidipdir we «Şa köşgi üçin çakyr ýasamak boýunça Tokaý toparynda» işläpdir. G.Skoworoda Ýewropa ýurtlaryny aýlanyp, bilimini artdyrypdyr we halk durmuşy, däp-dessurlary, sungaty we ynançlary bilen gyzyklanypdyr. Bularyň hemmesi soňlugy bilen onuň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Daşary ýurtlarda goşmaça bilim alansoň, Ukrainada sapak bermäge girişipdir we bilim ulgamyna täzeçe pikirleri ornaşdyrmaga başlapdyr. Ynsanperwerlik we aň-bilim ruhunda ylmy ösdürmäge çalyşýan mugallym özüniň zehini, sözleýiş ukyby, daşary ýurt dillerini bilmegi we ýiti akyly bilen meşhurlyk gazanypdyr. G.Skoworoda Harkow kollejinde edebiýaty, sintaksisi we grek dilini okadýan wagtlary, gadymy edebiýat bilen gyzyklanyp başlapdyr. Şol döwürde «Harkowyň basnýalary» atly ýygyndyny ýazyp başlapdyr. Ömrüniň soňky 25 ýylynda syýahat edipdir we terkidünýälik ýaşaýyş durmuşyny ýöredipdir.
Grigoriý Skoworoda 1794-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Harkow oblastynda Pan-Iwanowka (häzirki Skoworodynowka) obasynda aradan çykypdyr.
G.Skoworodanyň eserleriniň köpüsi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Onuň bütewi garaýyşlary we pelsepewi pikirleri özünde jemleýän döredijilik mirasy 18 sany eserden, terjimelerden, «Ylahy aýdymlaryň bagy», «Harkow basnýalary» ýygyndylaryndan, dürli ertekilerinden, tymsallardan, aýdymlardan, goşgulardan, hatlardan ybaratdyr.