KIPR RESPUBLIKASY, YRAK RESPUBLIKASY WE HINDISTAN RESPUBLIKASY BILEN IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Günüň birinji ýarymynda Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler.
Söhbetdeşler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky dialogy berkitmegi öz içine almak bilen syýasy-diplomatik ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Ministrler söwda-ykdysady, şeýle hem ylym-bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Kipriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak we bilim maksatnamalary boýunça alyş-çalyş mümkinçilikleri bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda degişli Ähtnamalary işläp-düzmäge, şeýle hem iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasyndaky söwda-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.