TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.

Türkiýäniň parlamentiniň Ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türk alymlary we magtymgulyşynaslary tarapyndan şahyryň goşgularyny türk diline terjime etmek, ony giňden ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary derejeli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmen-türk döwletara hyzmatdaşlygynda parlamentara gatnaşyklara hem möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň parlament diplomatiýasy ugrundaky hyzmatdaşlygyň has işjeň alnyp barylmagyna taýýardygyny tassyklady.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň halkara guramalarda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny Türkiýe Respublikasynyň yzygiderli goldamagy munuň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.