AŞGABATDA «DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY HALKARA FORUM GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.
Çärä Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş gatnaşdylar.
Şeýle-de foruma halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt Hökümetleriniň wekilleri, diplomatlar, alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köp sanly KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Bu forum türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra mejlisler zalynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara forumyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin myhmanlara öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan soň, döwlet baştutanlary we wekiliýet baştutanlary öz gezeginde forumda çykyş etdiler.
Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasynda baky orun alandygy nygtaldy we şahyryň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine goşan goşandy bellenildi. Foruma gatnaşyjylar maslahaty geçirmegiň wajyplygy, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we jebislige, parahatçylyga we ylalaşyga çagyryşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Forumyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan döwlet baştutanlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak kararyna gelendigi barada habar berdi we olary sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň ady we eserleri halklary we döwletleri birleşdirýär we muny geçirilen forum hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu forumyň konstruktiw gatnaşyklary ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Forumyň umumy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýörite mejlis görnüşinde öz işini dowam etdi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat siwilizasiýasyndaky orny», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly mejlisler geçirildi.
Mejlisleriň işi beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, bu ugurda ylmy barlaglaryň çuňlaşdyrylmagyna, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň akyldaryň şahyrana-filosofik döredijiligine ünsüni çekmäge gönükdirilendir.
Çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur zehine eýe bolandygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, şahyryň goşgularyndaky röwşen geljek, Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik baradaky çuňňur oýlanmalar, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň hem ruhy dünýäsin laýyk gelýär.
Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmunyny emele getirdi we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň paýhasynyň, dowamlylygynyň we wajyplygynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär.
Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler, şonuň netijesinde türkmen şahyrynyň mirasy dünýäde barha meşhurlanýar.
Mejlislerde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň pikirine görä, bu gezekki forum halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boldy.
Forumyň medeni maksatnamasy daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onuň çäklerinde Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençler guraldy, kinofilmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy, sirk çykyşlaryna tomaşalar we beýleki çäreler guraldy.