TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwari Oman Soltanlygynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üstünlikli syýasaty amala aşyrýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda Omanyň Ilçisine Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.
Diplomat Oman Soltanlygynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.