TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny, dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidenti gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde suw meseleleri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda we suw serişdelerine erkin we adalatly elýeterliligiň halkara ýörelgelerine görä, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir. Şol bir wagtyň özünde suw meselesine halkara guramalaryny, ilkinji nobatda, BMG-ni giňden çekmek arkaly seredilmelidir.

Özbegistanyň Prezidenti şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň hem Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady we bu babatda Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Prezident Serdar Berdimuhamedowa özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda öňe sürülýän teklipleri goldaýandygy üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.