TÜRKMENISTAN BILEN ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garadylar.
Gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda rugsatsyz ýaşaýan adamlaryň readmissiýasy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.