TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi.
Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň halklaryny dost-doganlyk, umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Ilçi pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek bilen bagly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär we barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda iki ýurt syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn ornuň degişlidigi bellenildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär.
Taraplar ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellediler. Munuň özi iki halkyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.