TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasaki, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler.
Nygtalyşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işleri we gazananlary barada gürrüň berýän kitabyň ýapon diline terjime edilmegi Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler täze neşiriň üsti bilen ýapon dilli okyjylaryň ýaş türkmenistanlylaryň durmuşy barada aýdyň düşünje aljakdyklaryna ynam bildirdiler.
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Strategiýasynyň amala aşyrylmagy türkmen ýaşlarynyň halkara çärelerine işjeň çekilmegine we gatnaşmagyna ýardam berer.
Dabara gatnaşyjylaryň biragyzdan aýdan pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy türkmen-ýapon dostlugynyň subutnamasy bolmak bilen, häzirki taryhy döwürde täze mazmuna we depgine eýe bolýan ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna nobatdaky möhüm goşant bolar.
Şol bir wagtyň özünde, täze kitap ýapon dilini öwrenýän Türkmenistanyň talyplary we mekdep okuwçylary üçin gymmatly gollanma bolar.