ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda depginli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ministriň orunbasary we Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde birek-biregi goldaýandyklaryny bellediler.
Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň şu ýylyň oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de diplomatlar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm şert hökmünde medeni-ynsanperwer ugurundaky gatnaşyklaryň ähmiýetine üns çekdiler.