Aşgabatda abraýly halkara maýa goýum forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabat halkara işewürlik merkezine öwrüler – Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (IFT 2025) geçiriler. Bu çäre daşary ýurtlarda we ýurduň içinde işleýän öňdebaryjy işewürler toparlarynyň ünsüni özüne çekýär.
Forum Türkmenistanyň hususy işewürliginiň geljegi uly bolan taslamalary bilen tanyşdyrar we halkara bilermenleri bilen tejribe alyşmak üçin özboluşly platforma bolup hyzmat eder.
IFT 2025 forumy işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we Türkmenistanyň çalt ösýän ykdysadyýeti üçin täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy platforma boljakdygyna wada berýär.
Forum baradaky goşmaça maglumatlary çäräniň resmi saýtyna girip, tanşyp bilersiňiz: ift.com.tm