BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI ÝURDUŇ ILERI TUTULÝAN POZISIÝALARYNY YGLAN ETDI

photo

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegine mundan beýläk hem goşant goşmak üçin garaýyşlary öňe sürer.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda şeýle diýilýär:

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Köp sanly wehimleriň ýüze çykmagy hem-de ynanyşmak derejesiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän häzirki ýönekeý bolmadyk halkara ýagdaýlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny, ýokary abraýyny özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy üpjün etmek üçin herekete getirmek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we onuň dürli ugurlarynyň özara baglanyşyklydygy ýörelgesine berk eýermek garaýşyna ygrarlydyr. Biziň ýurdumyz syýasy ýa-da harby howpsuzlygyň, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini onuň uzak möhletleýin we doly derejeli bolmagynyň kepili hasaplaýar. Daşary syýasatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden üýtgewsiz ugur alyp, halkara gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna berk ygrarlydyr.

Türkmenistan BMG-niň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da, bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, Ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň, Durmuş ösüş komissiýasynyň, «BMG – Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzasy bolup durýar hem-de toplan tejribesini bu guramanyň esasy başlangyçlaryny ilerletmek üçin peýdalanar. Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegine mundan beýläk hem goşant goşmak üçin garaýyşlary öňe sürer.

Doly maglumat: https://www.mfa.gov.tm/en/news/5554