TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR

img
img
img
img
img
img

26.10.2025ý. senede Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň milli baýramy bellenilýär.

Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we türkmen halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

Türkmen alabaýynyň hormatyna bellenilýän bu özboluşly baýram Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlary tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedir.

Häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň esasy nyşanlarynyň biridir. Taýsyz bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum itlerini ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdirler. Olar itlerde eýesine wepalylyk, hüşgärlik, ugurtapyjylyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmegi başarypdyrlar. Arassa ganly tohum alabaý itleri gadymy halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr.

Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.