img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA — ABŞ» SAMMITINE GATNAŞAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow 6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşar.

Ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Serdar Berdimuhammedowy bu foruma gatnaşmak üçin çagyrdy. Duşuşykda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.