TÜRKMENISTANYŇ WE SOMALINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞ BOLDULAR

photo

03.12.2025 ý. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali bilen telefon arkaly söhbetdeşlik bolup, iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşdigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler diýlip, habarda bellenilýär.