TÜRKMENISTAN HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY WE HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

img
img
img
img

Şu gün, 12-nji dekabrda paýtagtymyzyda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.

Oňyn bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşme bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga we özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak we netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.