MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY $30 MILLIONLYK SUW MAKSATNAMASYNY IŞE GIRIZÝÄRLER
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy ýagny, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan 30 million ABŞ dollary möçberindäki pul serişdesi bilen “Central Asia Water and Land Nexus” (CAWLN) atly sebit maksatnamasyny işe girizýärler. Maksatnamanyň resmi başlangyjy 30-njy maýdan 6-njy iýun aralygynda Samarkantda geçiriljek Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) 8-nji Assambleýasynda yglan ediler.
Bu başlangyç BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.
Maksatnama laýyklykda, sebitde 84 milliondan gowrak ilatyň takmynan 80 göterimini suw bilen üpjün edýän Amyderýa we Syrderýa aýratyn üns beriler. Bu derýalar Merkezi Aziýanyň azyk howpsuzlygyna we ykdysady durnuklylygyna gönümel täsir edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, maksatnama suw we ýer serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň çäginde oba hojalyk ýerlerini dikeltmek, çölleşmä garşy göreşmek, tokaýlary we biologik dürlüligi goramak, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çäreleri amala aşyrylar. Bu maksatnama suw serişdeleriniň, oba hojalygynyň we ekoulgamlaryň özara täsirini göz öňünde tutup, olaryň utgaşdyrylyp dolandyrylmagy “nexus-çemeleşmesi” esasynda alnyp barylýar.
Mundan başga-da, Aral deňziniň töwereginde agro-tokaýçylyk we ýerleri durnukly dolandyrmak boýunça synag taslamalaryny işe girizmek hem-de bilim alyş-çalşygy üçin platformalary döretmek meýilleşdirilýär.
“Central Asia Water and Land Nexus” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen landşaftlaryň dikeldilmegine, suwuň netijeli ulanylmagynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de sebitde azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna garaşylýar.