img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN TENNISÇILERI ILKINJI GEZEK ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDAKY DEWISIŇ KUBOGYNYŇ FINAL SAÝLAMA TAPGYRYNA ÇYKDYLAR

photo

Türkmen tennisçileri taryhda ilkinji gezek 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň final saýlama tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýaryş 16–24-nji maý aralygynda Şymkentde (Gazagystan) Aziýa sebitiniň iň güýçli 16 toparynyň gatnaşmagynda geçiriler.

Türkmenistan ýygyndysy mart aýynda Kolomboda (Şri-Lanka) geçirilen saýlama tapgyrynyň deslapky ýaryşyndaky çykyşlarynyň netijesinde jemleýji tapgyra gatnaşmaga çakylyk aldy. Oňa 15 topar gatnaşypdy.

Şymkentde geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň U16 Aziýa final saýlama tapgyrynda esasy ýaryşa gatnaşmak üçin beriljek dört ýollanma ugrunda Awstraliýa, Hytaý, Hytaý Taýbeýi, Gonkong (HKR), Hindistan, Indoneziýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Koreýa Respublikasy, Pakistan, Tailand, Özbegistan, Malaýziýa, Wýetnam, Şri-Lanka we Türkmenistanyň ýygyndylary bäsleşerler.

Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň final bölegi 3–8-nji awgust aralygynda Çehiýanyň Prosteýow şäherinde geçiriler. Çempionlyk ugrundaky bäsleşige dünýäniň ähli yklymlaryndan iň gowy 16 topar gatnaşar: altysy Ýewropadan, dördüsi Aziýadan, ikisi Demirgazyk Amerikadan, ikisi Günorta Amerikadan we ikisi Afrikadan.