img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY WE MOLDOWA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Gepleşikler mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirilip, ol özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimini açyk we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ösüşiniň geljegine aýratyn üns berildi. Taraplar syýasy gepleşikleri has-da pugtalandyrmaga we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeledi.

Gepleşikleriň aýratyn bölümi parlamentara hyzmatdaşlyga we parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňleşmegine bagyşlandy. Halkara hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde pozisiýalary utgaşdyrmak we özara goldaw bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Moldowa Respublikasynyň wekillerini Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy we bu gyzyklanma bilen garşylandy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda medeni alyş-çalyşlary we ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm esaslary hökmünde görülýär.