img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-NIŇ NÝU-ÝORKDAKY MÜNBERINDE TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA ULGAMYNDAKY MILLI SYÝASATY TANYŞDYRYLDY

photo

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow 5-8-nji maý aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň howandarlygynda geçirilen Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara forumda Türkmenistana wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda berilýän habara görä, A.Sazakow forumyň plenar mejlisinde eden çykyşynda ýurduň köptaraplaýyn özara hereketleriň, halkara raýdaşlygyň we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Şu nukdaýnazardan, ýurtda şahsyýeti tassyklaýan resminamalar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenildi.

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan köp derejeli gorag ulgamy bilen üpjün edilen biometrik maglumatly häzirki zaman resminamalary şeýle hem ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berilýär.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy. Deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan bu taslama migrasiýa ulgamyna kämil maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder.