TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYNY ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
«1941 - 1945-nji ýyllarda adamzat görlüp-eşidilmedik kynçylyklar we agyr ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu gazaply uruş döwri dünýäniň ykdysady ulgamyna, ýurtlaryň medeni ösüşine, adamlaryň ykbalyna örän kyn synaglary getirdi. Aradan ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, pajygaly şol ýyllaryň hasraty tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde, milli bitewüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar hökmünde saklanyp, dünýäde parahatçylygy, dostlugy goramaga çagyrýar.
Doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň ilaty hem bitewi güýje öwrülip, faşizmiň garşysyna gahrymançylykly göreşde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Gerçek watandaşlarymyzyň müňlerçesi bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň, sarsmaz watansöýüjiligiň nusgawy mekdebini döretdi.
Gowgaly döwürde ýaşululardyr gelin-gyzlar, ýetginjekler gije-gündiz gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnadylar, egin-eşikdir azyk önümlerini taýýarlap, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna özleriniň deňsiz-taýsyz goşantlaryny goşdular. Mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz arzyly Ýeňşiň hatyrasyna 7 müň 392 kilogram altyn-kümüş şaý-seplerini Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryp, gaýtalanmajak beýik ynsanperwerligiň hem-de Watana wepalylygyň nusgasyny görkezdiler. Agyr synagly ýowuz ýyllarda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň kalbyndan we döredijilik hyjuwyndan döräp, taryhyň ajaýyp sungat eserine öwrülen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly halkymyzyň parahat we asuda durmuşa bolan söýgüsini tutuş dünýä ýaýan beýik taryhy waka öwrüldi.
Şoňa görä-de, biz Beýik Ýeňiş gününde merdana pederlerimizden miras galan asylly däbimize eýerip, Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, tutuş Diýarymyzyň çägindäki ýadygärliklere çuňňur sarpa bilen gül desselerini goýýarys. Ägirt uly Ýeňşiň gazanylmagyna we asuda durmuşyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşan gaýduwsyz gerçeklerimizi hem-de zähmetkeş watandaşlarymyzy hatyralaýarys. Ýeňiş baýramynyň şanyna çäksiz hormat-sarpanyň nyşany hökmünde uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurýarys.