img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

“TÜRKMENBAŞY-GARABOGAZ-GAZAGYSTAN SERHEDI” AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ GURLUŞYGY ÝOKARY DEPGINDE ALNYP BARYLÝAR

img
img
img
img

“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginde umumy uzynlygy 43,6 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda gurluşyk işleri Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministrliginiň buýrmasy esasynda “Altyn Nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär. Kärhananyň hünärmenleri ýoluň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde ösümlik gatlagyny aýyrmak we toprak işlerini 13 sany meýdançada amala aşyrýarlar.

Mundan başga-da, “Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde iki sany suw arassalaýjy desganyň, awtoduralga meýdançasynyň, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Täze, döwrebap awtomobil ýolunyň uzynlygy 43,6 kilometr bolan “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginiň gurluşyk işleriniň iýul aýynyň ahyrynda tamamlanylyp, tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.