Türkmenistanda «Türkmen alabaý itleri» halkara assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar, ilki bilen, türkmen alabaý itleriniň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.
Mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz ýurtda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurduň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslar üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrýar.