TÜRKMENISTANLY TÜRGEN ABBAS ABASOW LFA 247 ÝARYŞYNDA ARGENTINALY LUKAS GANINI ÝEŇDI
Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça çykyş edýän türkmenistanly türgen Abbas Abasow ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçirilen Legacy Fighting Alliance (LFA) 247 ýaryşynda argentinaly Lukas Ganiniň üstünden ýeňiş gazandy.
Ýarym ýeňil agram derejesinde (65,8 kilograma çenli) geçirilen tutluşyk ikinji raundda tamamlandy, hem-de A.Abasowyň bogmak usulyny ulanyp, garşydaşyny ýeňdi. Söweş LFA ýaryşynyň esasy tutluşyklarynyň çäginde geçirildi.
28 ýaşly Abasow üçin bu ýeňiş professional karýerasyndaky ýedinji ýeňiş boldy. Onuň hasabynda bir ýeňliş hem bar. 30 ýaşly argentinaly türgen Lukas Ganiniň şahsy rekordy bolsa 9 ýeňişden we 4 ýeňlişden ybarat.
A.Abasow halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň baýdagynyň astynda çykyş edip, ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän American Top Team klubunda türgenleşik geçýär.