RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...

DOWAMY
11 Maý

KIÝEW ŞÄHERINIŇ W.ÇERNOWOL ADYNDAKY 235-NJI ORTA MEKDEBINDE TÜRKMEN HALKYNYŇ AKYLDAR ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞANYP GEÇIRILEN KONFERENSIÝA BARADA

10.05.2023ý. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň W.Çernowola adyndaky 235-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylaryň, mugallymlaryň, Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphananyň wekilleriniň we Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý raýonynyň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistan – beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň watany” atly medeni-bilim çäre gurnaldy. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara görnükli türk...

DOWAMY
11 Maý

«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGI UGRATDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistandan Owganystana ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bu ynsanperwerlik çäreleriniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy o...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...

DOWAMY
9 Maý

DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...

DOWAMY