img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

PÄKISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Öz gezeginde Ilçi umumy bähbitlere we maksatlara gabat gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mun...

DOWAMY
pic
17 Apr

TRACECA HÖKÜMETARA KOMISSIÝASYNYŇ HEMIŞELIK SEKRETARIATYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr ge...

DOWAMY
pic
17 Apr

ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRK DILINDE NEŞIR EDILEN «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň Türki dünýäsiniň binagärler we inženerler bileleşigi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkiýäniň syýasy-jemgyýetçili...

DOWAMY
pic
17 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň...

DOWAMY
pic
17 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti A...

DOWAMY
pic
17 Apr

NÝU-ÝORK ŞÄHERINDE DURNUKLY ULAGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI ILKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...

DOWAMY