RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Apr

SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI PEÝDALANYLMAGY BARADA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleri...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşar...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ KÖMEKÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimu...

DOWAMY
20 Apr

BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ulgamynyň bosgunlaryň we apatritleriň meselelerine degişli esasgoýujy halkara-hukuk resminamalarynyň aglabasyna gatnaşmak bilen, iş ýüzünde ü...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ 70-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosf...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETI ŽENEWADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi. Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamyn...

DOWAMY
17 Apr

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDIKOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Koreýa Respublikasy-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklaryň oňyn häsi...

DOWAMY