RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Mar

THE STATE VISIT OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN TO QATAR WAS HELD

On March 19-20, 2023, the state visit of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov to the State of Qatar took place. On March 20, in the first half of the day, the meeting of the President of Turkmenistan with the heads of leading companies and investment organizations of Qatar was held at the “Sheraton Grand Doha Resort and Convention Hotel”. The business event was attended by representatives of the Qatar Chamber, the Qatari Businessmen Association, as well major holdings as Delta...

DOWAMY
18 Mar

YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 49-NJY MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. “Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Öz ge...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Özbegistanyň TDG-niň...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GRUZIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasy edarasanyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň netijeli syýasy-diplomatik hyzmatd...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurla...

DOWAMY
15 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN KENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişe...

DOWAMY