RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalar...

DOWAMY
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň, türkmen paýtagtyna öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen, Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Haýro Dewid Estrada Barrios bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça jogapkärli wezipä bellenmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Gwatemala bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdür...

DOWAMY
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝOLÇULARYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşi bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ählumumy ulag dialogyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşygy, ulag pudagynyň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşd...

DOWAMY
25 Few

"ARKADAG" ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şä...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMEN-BRITAN “GURLUŞLAÝYN DIALOGY”ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNYŇ (GGGI) WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Netijeli halkara daşky gurşaw gepleşiklerini güýçlendirmek çarçuwasynda Türkmenistan hökümeti döwletiň ykdysady bähbitlerini degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen birleşdirmäge uly üns berýär. BMG-nyň Durnukly ösüş "Rio + 20" konferensiýasynda eden çykyşynda Türkmenis...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy.  Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...

DOWAMY