img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

TÜRKMENISTAN HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY WE HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

Şu gün, 12-nji dekabrda paýtagtymyzyda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçi...

DOWAMY
pic
11 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işine başlady. Sergi Söwda-senagat edarasynyň binasynda gurnalyp, döwlet edaralarynyň, iri önümçilik kärhanalarynyň we hususy telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda geçýär. Bu ýerde senagat, energetika, oba hojalygy, gurluşyk we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlardaky täze önümçilik taslamalary, tehnologik çözgütler hem-de täze önümler görkezilýär. Habarda bellenilişi ýaly, serginiň açylyşy...

DOWAMY
pic
11 Dek

AŞGABATDA DURKY TÄZELENEN BITARAPLYK BINASY AÇYLDY

Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Täze binanyň açylyşy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň möhüm bölegi boldy. Dabara “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýet ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlik...

DOWAMY
pic
10 Dek

AWAZADA ZENANLARYŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY BARADA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatda halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatlary ilerletmek boýunça başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat...

DOWAMY
pic
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARALARY

07.12.2025 ý. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde...

DOWAMY
pic
9 Dek

AŞGABAT ÝUNESKO-NYŇ ÖWRENIJI ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ TORUNYŇ AGZASY BOLDY

Aşgabat şäher Häkimliginde Türkmenistanyň Paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäheri resmi taýdan bu tora goşulyp, ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini görkezýär. Çäre gatnaşyjylar Aşgabadyň bu tora goşulmagy paýtag...

DOWAMY
pic
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA” ATLY ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň tamamlanmagynda “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk...

DOWAMY