SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝANYŇ IŞEWÜRLER JEMGYÝETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN GEPLEŞIKLER
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi. Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan täze ýylyň Ukrainada geçirilen ilkinji çäresi boldy. Türkmen ýaşlary möhüm çärä taýýarlyk görüp, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan şahyr-akyldar Magtymguly Pyragy...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇUŇŇUR HORMATLANÝAN PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşyp, dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler. Şeý...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi. Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler. Diplomatl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary b...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri...