RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...

DOWAMY
17 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN “BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE” GATNAŞÝAR

2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolýar. Çärä BMG-na agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu Sammit bilim boýunça dördünji Durnukl...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Wena şäherindäki “Hofburg” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstri...

DOWAMY
9 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy. “Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has hem netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” temasy boýunça geçirilýän bu foruma halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Parlamentara Bileleşiginiň...

DOWAMY
9 Sen

TÜRKMEN-SAUD HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri ma...

DOWAMY
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy...

DOWAMY