SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, M.Bäşimowa häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara g...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA METBUGAT BEÝANATY
2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sammite gatnaşýan üç ýurduň metbugat wekilleri gatn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi mübärekläp, iki dostlukly ýurduň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň milli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň özbek kärdeşini doglan g...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbe...
STATEMENT FOR MEDIA
Recently, comments began to appear in a number of international media regarding the possibility of implementing a project for the supply of Turkmen natural gas in the western direction. We are talking about the construction of a gas pipeline along the bottom of the Caspian Sea in order to transport Turkmen "blue fuel" to European markets (the Trans-Caspian pipeline). Such a “sudden” manifestation of interest in a large-scale project in the current conditions, in general, is understandable and...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bangkokda (Tailand) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar. Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek...
«YSLAM ÖSÜŞ BANKY WE DOKTOR AHMAD MOHAMMAD ALI. INSTITUTYŇ TARYHY WE ONUŇ PREZIDENTINIŇ ÝOLY» ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam Ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabara Türkmenistanyň Daşary işler mi...