RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR

Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...

DOWAMY
9 Okt

LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEGIŇ DERWAÝYSLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

"Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady" atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar. Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...

DOWAMY
7 Okt

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNА BAŞLYKLYK EDIJILER IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatna...

DOWAMY
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky özaragatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler, şeýle hem halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pik...

DOWAMY
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.  Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tert...

DOWAMY
7 Okt

TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de mede...

DOWAMY
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI DUŞUŞYK GEÇIRDILER

Şu gün, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti bu duşuşygy “taryhy we ähmiýetli waka” hökmünde häsiýetlendirdi. Tü...

DOWAMY