RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Maý

SIAN ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ” DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ IKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I  özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirme...

DOWAMY
12 Maý

TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM

2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum gibrid görnüşinde öz işine başlady.      Bazaryň uglewodorod toplumy babatdaky bu iri çäräni gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle-de “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Turkmen Forum, GaffneyCline, TAPI, TNGIZT bolsa bile...

DOWAMY
11 Maý

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 11-nji maýda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlyklary ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aý...

DOWAMY
11 Maý

TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetini...

DOWAMY
11 Maý

TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň weki...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwleti...

DOWAMY
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...

DOWAMY