RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmel...

DOWAMY
13 Maý

UKRAINADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TERJIMELERINIŇ DOLY ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI

2024-nji ýylyň maý aýynda Ukrainada “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения ” şahyrana ady bilen gündogaryň görnükli klassigi, türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli edebi we çeper neşir çapdan çykdy. Neşiriň özboluşly aýratynlygy hem, häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagyndadyr. Neşiriň awtory we düzüjisi, Kiýew şäherindäki Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň žunalistika instituty...

DOWAMY
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE METBUGAT-BRIFINGI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi. Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşim...

DOWAMY
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ IÇERKI WE DAŞARY SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNY GÖRKEZYÄN HALKARA RESMINAMALARYŇ SANLY KITAPHANASY IŞE GIRIZILDI

Sanly kitaphanada Türkmenistanyň Bitaraplygy, Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary, Parahatçylyk we howpsuzlyk, Türkmenistan -Durnukly Osüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda, Parlament diplomatiýasy, Ekologiýa diplomatiýasy, Energetika diplomatiýasy, Ulag diplomatiýasy, Medeniýet diplomatiýasy, Sport diplomatiyasy ýaly ugurlar boyunça maglumatlar ýerleşdirildi. Agzalan kitaphananyň elektron salgysy: docslibrary.gov.tm

DOWAMY
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň Birinji orunbasary Andreý Sibiga bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we bu gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň mukdaryny artdyrmak mümkinçiliginiň geljegini...

DOWAMY
6 Maý

GÖRNÜKLI HALYPA DIPLOMATYŇ HORMATYNA DABARALY ÇÄRE

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he...

DOWAMY
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «TÜRKMENISTAN-BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...

DOWAMY