SOŇKY HABARLAR
TÜRK GEŇEŞINIŇ SAMMITINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ENERGIÝA HOWPSUZLYGY UGURDA HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammitinde çykyş etmek bilen, sebitde we tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara bazarlaryny energiýa serişdelerini üpjün etmek boýunça birnäçe kararnamalarynyň, şol sanda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly...
TÜRKMENISTAN TÜRK GEŇEŞINIŇ DÖWLETLERI BILEN ULAG WE ARAGATNAŞYK BABATDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ TARAPDARY
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) şu ýylyň 31-nji martynda geçirilen resmi däl Sammitinde özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini jikme-jik beýan etdi. Sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Tükmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...
ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA HALKARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy “Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi” geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary, halkara ekologiýa hukugynyň...
MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...
TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...
TURKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝANDYR
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R....