img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Awg

OGT-2025 HALKARA MASLAHATYNA 100-DEN GOWRAK DAŞARY ÝURT WEKILI GATNAŞAR

22-24-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek XXX Halkara “Türkmenistan nebit-gaz - 2025” (OGT-2025) maslahatyna we sergisine döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kärhanalarynyň, maýadarlarynyň hem-de pudak bilermenleriniň 100-den gowrak daşary ýurt wekilleriň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berýär. Her ýyl maslahat bilen bilelikde geçirilýän OGT Expo sergisi 2024-nji ýylda 50 ýurtdan 10 müňden gowrak myhmanlary kabul etdi. Bu ýylky çäre maýa...

DOWAMY
pic
13 Awg

TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM FORUMY – 2025 (TIF 2025) ÜÇIN HASABA ALYŞ BAŞLANDY

2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna (TIF 2025) gatnaşmak üçin resmi onlaýn hasaba alyş başlandy. Forum Merkezi Aziýanyň iň möhüm ykdysady çäreleriniň biri bolup, halkara işewürlik, döwlet edaralary we hünärmenler jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemlär. Forumyň dowamynda strategik pudaklaryň ösdürilmegine — energetika, ulag, oba hojalygy we täze tehnologiýalar ýaly ugurlara aýratyn üns berler. Bu çäre Türkmenistanyň maýa goýum...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMEN KARATEÇILERI MERKEZI AZIÝANYŇ SAMARKANTDA GEÇEN ÇEMPIONATYNDA 16 MEDAL GAZANDYLAR

2025-nji ýylyň 3-13-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlary eýelemek bilen, ýokary netijeleri görkezdi. Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Ýaş karateçiler kata we kumite ýaly şahsy ugurlar boýunça aňrybaş üstünlikli çykyşlaryny görkezdiler. Çempionata sebitiň 5 döwletinden takmyna...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN HALKARA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNÜNI BELLEÝÄR

Şu gün Türkmenistanda 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran konwensiýasynyň kabul edilmeginiň hormatyna döredilen Halkara Hazar deňzi güni bellenilýär. Hazarýaka döwlet hökmünde Türkmenistanyň deňiz giňişliginiň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça öz mehanizmleri bar. Ýurtda Türkmenistanyň Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, daşky gurşawy goramak ministrligi we onuň düzüm birligi bolan “Türkmengidromet”, Hazar deňzi instituty we beýleki bölümler...

DOWAMY
pic
11 Awg

AWAZADA LLDC ÝURTLAR BOÝUNÇA BMG-NIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY

Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň üçünji maslahaty öz işini tamamlady. Maslahata agza döwletleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. LLDC maslahatynyň jemleýji plenar mejlisinde söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak mesel...

DOWAMY
pic
8 Awg

OGULJAHAN ATABAÝEWA BMG-NIŇ MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI ZENAN ÝOLBAŞÇYLARYŇ DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem çykyş etdi. «Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde m...

DOWAMY
pic
7 Awg

GURY PORTLAR DÜNÝÄ LOGISTIKASYNYŇ ESASY BÖLEKLERIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýanlar gury portlaryň dünýä logistikasynyň strategiýa taýdan möhüm düzümleri bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle desgalaryň köpüsi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda ýerleşýändigi üçin olar durnukly söwda akymyny üpjün etmekde çalşyp bolmajak orny eýeleýär. Halkara hünärmenler şu wagt hem dowam edýän päsgelçilikler üçin bu ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna kynçylyklar döredýändigini aýdyp...

DOWAMY