img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

Türkmenistan goralýan nyşanlary belgilemek ulgamynda öz ornuny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edara bilen Şweýsariýanyň «SIÑPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr. Resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi....

DOWAMY
pic
29 Ýan

ÝUNISEF Türkmenistanyň çagalar babatdaky syýasatyny goldaýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi. Bu çärä BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand, Milli Parlamentiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar. Mäl...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk

?Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMG...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA” ATLY ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Şeýle hem maslahatyň işine Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, da...

DOWAMY
pic
28 Ýan

ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

Žozep Borrell Fonteles,  ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP) 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim: Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňsi...

DOWAMY
pic
27 Ýan

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkme...

DOWAMY
pic
27 Ýan

В Ташкенте будут рассмотрены аспекты диалога Центральная Азия – США

Ведётся подготовка к очередной встрече на уровне министров в формате «С5+1» между странами Центральной Азии и Соединёнными Штатами Америки, которая состоится в Ташкенте 3 февраля. Как известно, данный формат представляет собой многосторонний механизм взаимодействия между пятью государствами региона и США. В его рамках на системной основе рассматриваются предложения по сотрудничеству в таких сферах, как укрепление безопасности и стабильности, развитие торговли и экономических отношений, охрана...

DOWAMY