RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Mar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNYŇ MEJLISINDE «2025-NJI ÝYL — HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.

DOWAMY
22 Mar

BÜTINDÜNÝÄ ŞYGRYÝET GÜNI WE GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANADA GEÇIRILEN LABYZLY WE ÇEPER OKALYŞ

Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet güni hem-de görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana bilen bilelikde goşgylaryň labyzly we çeper okalyşy gurnaldy. Bu döredijilik çäre “Şahyrana sözüň akymy” ady bilen gurnalyp, oňa türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri, Magtymguly adyndaky kitaphananyň we “Swiçado” merkezleşdirilen kitaph...

DOWAMY
21 Mar

RIMDE HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.   Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...

DOWAMY
21 Mar

ULAG HYZMATDAŞLYGY TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERINIŇ ÜNS MERKEZINDE

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatda...

DOWAMY
21 Mar

AŞGABAT WE RIM MEDENI GATNAŞYKLARY ÇUŇLAŞDYRMAGY MAKSAT EDINÝÄRLER

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.  Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistany...

DOWAMY
21 Mar

TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ar...

DOWAMY
20 Mar

ТУРКМЕНИСТАН УКРЕПЛЯЕТ СВЯЗИ СО ВСЕМИРНОЙ ТАМОЖЕННОЙ ОРГАНИЗАЦИЕЙ

19 марта 2024 года делегация Туркменистана встретилась с Генеральным секретарем Всемирной таможенной организации (ВТО) Яном Сондерсом. Министр иностранных дел Туркменистана Р.Мередов подчеркнул усилия Туркменистана по интеграции в международные таможенные системы, включая присоединение к ключевым конвенциям ВТО в последние годы. Были обсуждены вопросы дальнейшего углубления сотрудничества в области таможенного дела, а также участие представителей Государственной таможенной службы Туркменис...

DOWAMY